«Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň «B» toparçasynyň 5-nji tapgyrynda Özbegistanyň «Andijon» topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnap, ýene bir utuk gazandy.
Duşuşyk Andijondaky «Bobur Arena» stadionynda 15 000 janköýeriň gatnaşmagynda geçirildi.
Ýatladyp geçsek, «Arkadag» futbol topary we «Andijon» topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň ilkinji gezek gatnaşyjylarydyr. «Arkadag» topary 2024/25 möwsüminiň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň (Aziýada üçünji derejeli ýaryş) ýeňijisi hökmünde Aziýanyň futbol toparlarynyň ähmiýeti boýunça ikinji orundaky bu ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýar.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.