Özbegistanyň Andijan şäherinde TÜRKSOÝ Ýazyjylar birleşiginiň ýygnagy hem-de TÜRKSOÝ tarapyndan «2026-njy ýyl – Ziýa Gökalp ýyly» diýlip yglan edilen ýylyna bagyşlanan halkara döredijilik duşuşyklary geçirildi.

Çäreleriň çäginde Andijan döwlet lukmançylyk institutynda Ziýa Gökalpyň hatyrasyna geçirilen döredijilik duşuşygyna TÜRKSOÝ Ýazyjylar birleşiginiň wekilleri, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ýazyjylary, şahyrlar, edebiýatçy alymlar, Andijandan bolan döredijiler, edebiýat muşdaklary we ýaş zehinler gatnaşdy.

Bellenilişi ýaly, TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2026-njy ýyl «Ziýa Gökalp ýyly» diýlip yglan edildi.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Ziýa Gökalp ady bilen tanalan filosof alym, syýasatçy, sosiolog, ýazyjy we şahyr Ziýa Tawfik ogly 1876-njy ýylda Türkiýäniň Diýarbakyr welaýatynda dünýä indi. Ol iri filosof we sosiolog hökmünde Türkiýe Respublikasynyň milli ideologiýasynyň hem-de sosiologiýa ylmynyň esaslaryny döreden şahslaryň biri hasaplanýar.

Ol ýaşlyk ýyllaryndan başlap Türkiýede soltanlyk dolandyryş ulgamyna garşy göreşdi. Onuň ýolbaşçylygynda 1908-nji ýyldan başlap «Ýaş galamlar» žurnaly neşir edilip başlandy. Ziýa Gökalp ähli türki halklaryň türkçilik ýörelgesi esasynda birleşmeginiň tarapdary bolup, türki dünýäniň bitewiligi baradaky garaýyşlary nazary taýdan ösdürdi. Şol sebäpli Osmanly döwletiniň ýolbaşçylary tarapyndan yzarlamalara sezewar boldy, sürgün edildi we tussag edildi.

Soňra ol Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň jogapkärli döwlet wezipelerine bellenildi. Ziýa Gökalp täze Türkiýäniň milli ideologiýasynyň kemala gelmegine uly goşant goşdy. Türkiýede onuň eserleriniň 9 jiltlik ýygyndysy neşir edildi.

Ziýa Gökalpyň taryhy eserlerinde Türkiýäniň we türki halklaryň demokratik hem-de milli garaşsyzlyk, ösüş ýoluna geçişiniň taryhy we syýasy aýratynlyklary, nazary meseleleri, tejribesi, şeýle-de türki siwilizasiýanyň geljekki ösüş ugurlary beýan edilýär.

«THE ASHGABAT TIMES».