1-nji maýda «Altyn bürgüt» syýahatçylyk otlusy «Farap» barlag nokadyndan Türkmenistanyň çägine geçip, Aşgabat şäherine tarap ugrady. Şu gün — 2-nji maýda bolsa otly türkmen paýtagtynyň çägine geldi. Bu otly 7 ýurduň — ABŞ-nyň, Hytaýyň, Kanadanyň, Russiýanyň, Singapuryň, Beýik Britaniýanyň we Wengriýanyň 97 syýahatçysy üçin Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gyzykly syýahaty amala aşyrýar. Myhmanlar Aşgabadyň gözel ýerlerine, ýädygärliklerine hem-de seýilgählerine baryp görerler we Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň täsin gymmatlyklary bilen tanşarlar. Türkmenistanyň Döwlet sirkinde bolsa syýahatçylara «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlaryny, artistleriň ussatlygyny hem-de türkmen bedewleriniň gözelligini synlamaga mümkinçilik dörediler. Şeýle-de, olara Aşgabat agşamlaryndaky ajaýyp gezelenç garaşýar. Myhmanlaryň Türkmenistandaky syýahatçylyk geografiýasy giň bolar. Olar syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrülen «Garagumuň ýalkymyna» baryp görerler. Şondan soň bolsa «Altyn bürgüt» Daşoguz şäheriniň üsti bilen Özbegistanyň çägine geçer.
«Altyn bürgüt» halkara syýahatçylyk otlusy Aşgabat şäherine geldi



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.