ABŞ-nyň Ilçihanasy Amerikan  "Pipeline Vocal Project" toparynyň Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi we Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi bilen bilelikde akapella konsertlerini hödürlejekdigini habar bermekden hoşallyk duýýar. Daşoguzda we Aşgabatda geçiriljek konsertler hemmeler üçin açyk bolup, zallar tomaşaçylaryň geliş nobatyna görä doldurylar. ABŞ-nyň Ilçihanasy gyzyklanýan habar beriş serişdelerini bu çykyşlary köpçülige ýetirmäge çagyrýar.

GOŞMAÇA MAGLUMAT:

Daşoguz welaýaty

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy
Senesi:                 12-nji aprel, anna
Konsertiň açylyşy:19:00
Geçiriljek ýeri:   Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry
Esasy düzgünleri:ON THE RECORD

Aşgabat şäheri

Senesi: 14-nji aprel, ýekşenbe
Mediýa bilen söhbetdeşlik:18:00
Konsertiň açylyşy:19:00
Geçiriljek ýeri:Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry
Esasy düzgünleri:ON THE RECORD