2026-njy ýylyň 4–7-nji sentýabry aralygynda Portugaliýanyň Lissabon şäherindäki Lissabon Kongres merkezinde adamyň, haýwanlaryň we daşky gurşawyň saglygynyň özara baglanyşygyny nazara almak bilen ylmy, amaly we syýasy çözgütleriň ösdürilmegine bagyşlanan iri halkara forumlaryň biri bolan 9-njy Bütindünýä «Bitewi saglyk» Kongresi geçirilýär.
«Bitewi saglyk» boýunça Global jemgyýet tarapyndan guralýan bu Kongres dünýäniň dürli ýurtlaryndan ylmy we bilermenler jemgyýetiniň wekillerini, döwlet edaralarynyň hünärmenlerini, halkara guramalarynyň wekillerini hem-de degişli ugurlarda işleýän amaly hünärmenleri bir ýere jemleýär. 4 (dört) günüň dowamynda oňa gatnaşyjylar saglygyň ählumumy howpsuzlygyny üpjün etmek, ýokanç we zoonoz keselleriň öňüni almak, azyk ulgamlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek, mikroblara garşy durnuklylyga garşy göreşmek, saglygy berkitmek, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak, ekoulgamlary goramak, şeýle hem «Bitewi saglyk» çemeleşmesini milli we halkara derejelerde iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň mehanizmleri ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.
Bu möhüm halkara Kongresse Türkmenistanyň oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy, şeýle hem «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça Weterinariýa gullugynyndan Milli utgaşdyryjy Arslan Soltanmyradow Türkmenistanyň wekili hökmünde gatnaşýar.
Kongresiň çäklerinde Arslan Soltanmyradow «Bitewi saglyk» meselelerine bagyşlanan panel mejlisinde çykyş edip, pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem adamlaryň, haýwanlaryň we daşky gurşawyň saglygy babatda milli hyzmatdaşlyk mehanizmlerini kämilleşdirmek boýunça çemeleşmelerini we hünär tejribesini beýan etdi.
Türkmenistanyň 9-njy Bütindünýä «Bitewi saglyk» Kongresine gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara hünär dialogyna yzygiderli goşulyşýandygyny hem-de adamlaryň we haýwanlaryň saglygyny goramak, biosaglygy üpjün etmek we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga bolan ygrarlylygyny görkezýär.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.