2024-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow Filippinler Respublikasynyň Ýaponiýadaky ilçisi Milen Garsiýa-Albano bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň resmi web-saýty 29-nji awgustda habar berdi.
Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ýokary derejedäki özara saparlaryň, şeýle hem parlamentara, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. Mundan başga-da, taraplar halkara guramalarynyň arasynda täsirli özara gatnaşyklaryň möhümdigine ünsi çekdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli ugurlarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mundan beýläk hem ygrarly boljakdyklaryny mälim etdiler.



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.