Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan teklip edilen, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynam ýyly”, karary biragyzdan kabul etdi. Bu başlangyç, halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylygy we ynamy ösdürmek ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek we höweslendirmek, parahatçylykly ýaşamagyň möhümdigine düşünmekligi maksat edinýär.Bu kararyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçiliginiň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmak we goldamak islegini nygtaýar, şeýle hem bu maksada ýetmek üçin köpçülikleýin hyzmatdaşlyga çagyrýar diýip ""Türkmenaragatnaşyk" agentligi habar berýär.