Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp 2024-nji ýylyň 3-5-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde Owgan harytlarynyň sergisini we Türkmen-Owgan işewürler maslahatyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligine we Söwda-Senagat edarasyna hem-de Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesine 2024-nji ýylyň 3-5-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-Senagat binasynda Owgan harytlarynyň sergisini we Türkmen-Owgan işewürler maslahatyny ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.