Türkmenistanyň gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowrak hasylyny tabşyrdylar.

Orak möwsüminde işleriň gije-gündizleýin usulda alnyp barylmagy netijesinde her günde kabul ediş nokatlaryna ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy gelip gowuşýar. Şeýlelikde, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şeýle hem galla oragy döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara gije-gündiz hyzmat edip, olary ähli zerur bolan ýangyç, çalgy ýaglary we beýleki ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edýär. Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin ähli degişli durmuş şertleri döredildi.

Täze hasylyň dänesi ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara getirilýär. Degişli düzümleriň sazlaşykly zähmeti netijesinde galla harmanyny has-da beýgeltmek boýunça gallaçylaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgady bolar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

«THE ASHGABAT TIMES».